Amerikanyň Kubogynyň 1/4 finaly: Kolumbiýa ýarym finala çykdy, Braziliýa ýaryşdan gaýtdy

  • 07.07.2024 15:14
  • 12k+

Urugwaýyň milli ýygyndysy futbol boýunça Amerikanyň Kubogynyň 1/4 finalynda Braziliýanyň toparyndan penalti tapgyrynda üstün çykdy. 

Paradaýsda geçirilen oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda urugwaýlylar has takyk boldy – 4:2.
Braziliýalylardan Eder Militaonyň we Duglas Luisiň gol geçirmek synanyşyklary başa barmady.
Belläp geçsek, Urugwaý 74-nji minutdan Naitan Nandes oýundan çykarylandan soň azlykda oýnady. Braziliýalylardan diskwalifikasiýa sebäpli Winisius Žunior oýny sypdyrdy.
Beýleki bir çärýek final oýnunda kolumbiýalylar Panama toparyny uly hasap bilen utdular – 5:0. Gol bilen Kordoba (8), Hames Rodriges (15, pen.), Luis Dias (41), Rios (70) we Borha (90+5, pen.) tapawutlandy. 
Indi Urugwaý bilen Kolumbiýanyň arasyndaky ýarym final oýny 10-njy iýuldan 11-nji iýula geçilýän gije bolar we Aşgabat wagty bilen sagat 05:00-da başlar. Beýleki bir ýarym finalda Argentina topary Kanada bilen duşuşar. Oýun 9-njy iýuldan 10-njy iýula geçilýän gije bolup, Aşgabat wagty bilen sagat 05:00-da başlar.
Üçünji orun üçin oýun 14-nji iýulda Şarlottda bolar, final Maýami Gardensdäki “Hard Rok Stedium” meýdançasynda geçiriler.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......