Türkiýe howa menzillerinde ýolagçylar üçin barlagy güýçlendirýär: täze düzgünler we jerimeler

  • 07.07.2024 01:42
  • 20k+

Türkiýäniň parlamenti raýat awiasiýasy baradaky kanuna düzedişleri kabul etdi, ol howa menzillerinde ýolagçylary barlamagyň berk düzgünlerini girizýär diýip, Habertürk teleýaýlymy habar berdi.

Täze düzgünler Çikago konwensiýasynyň kadalaryna laýyk getirilmäge gönükdirilendir. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň indi hem terminala girilende, hem uçara münme zonasyna girilende ýolagçylaryň goşlaryny barlamaga hukuklary bar. Bu diňe bir şahsy goş-golamlara däl, eýsem elektron gurluşlara-da degişlidir. Barlagdan ýüz öwren ýolagçylar howa menziline ýa-da uçuş zonasyna goýberilmez.
Äkitmek üçin gadagan edilen predmetler şol ýerde konfiskasiýa ediler.
Türkiýäniň iri howa menzillerinde iki barlag punkty göz öňünde tutulan: umumy elýeterli zonalaryň girelgesinde we uçuş üçin hasaba alyşdan soň.
Şeýle-de, düzedişler uçaryň bortunda düzgün bozulmalar üçin jerimeleri kesgitleýär: hukuk bozulmalary barada habar bermedik ekipaž üçin 620 dollardan 15,6 müň dollara çenli. Kwadrokopteriň rugsatsyz ýa-da raýat awiasiýasy edarasy tarapyndan rugsat berlen zonalardan daşary uçurylandygy üçin operator, takmynan, 1,8 müň dollar möçberde jerime tölemeli bolar.


05.06.2026 21:38
6.7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.8k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......