Üçekde tötänleýin tapyndy angliýaly ýaşaýja £160 000 getirdi

  • 06.07.2024 23:34
  • 10k+

Linkolnşiriň (Angliýa) ýaşaýjysy Jill Stýuart öýüniň üçeginde Roždestwo bezeglerini gözläp, “döwlen farfor” ýazgyly gutynyň üstünden barýar. Guty oňa 20 ýyl ozal atasyndan galypdyr diýip, Guardian habar berýär.

Gyzyň merhum atasy XX asyryň başlarynda Hytaýda gulluk edeninde farfor ýygnapdyr. Wagtyň geçmegi bilen käbir predmetler zaýalanypdyr. Ilkibaşda Jill tapyndyny zyňmak isleýär, ýöne ony auksion öýüne görkezmek kararyna gelýär. Auksionçylar kolleksiýanyň gymmatlygyna haýran galýarlar, ahyrky satuw mukdary tas 197 müň funt sterlinge ýetýär.
Auksionçy Jeýms Lawerakyň aýtmagyna görä, hytaý farforyna bolan isleg garaşylandan has ýokarydy.
Kolleksiýa lotlara bölündi. Sin neberesinden (XVII-XVIII asyryň aralygy) manjur imperatory Kansiniň döwründäki seýrek çaşkalary öz içine alýan 16 farfor predmetli lot £50-100 diýlip bahalandyryldy, ýöne £59 müňe satyldy.
Ýelimlenen böleklerden düzülen başga bir lota £100 baha kesildi, ýöne £5 müňe satyldy.
Lawerak hatda zaýalanan predmetleriň hem uly isleg döredendigini, munuň bolsa tutuş kolleksiýanyň seýrekdigini we gymmatlydygyny görkezýändigini belledi.
Netijede, Jilliň satuwdan gazanan girdejisi 160 000 funt sterlinge barabar boldy.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......