“Bar”: Ilon Mask Marsdaky ilkinji şäher üçin at oýlap tapdy

  • 06.07.2024 23:31
  • 11k+

Amerikaly işewür, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask Marsdaky ilkinji şäher üçin at teklip etdi. Bu barada RBK habar berýär.

Mask X (öň Twitter) ulanyjysynyň Marsdaky ilkinji şäherçäni näme diýip atlandyrjakdygy baradaky soragyna “Bar” diýip jogap berdi.
Iňlis dilinde “bar” sözüniň birbada birnäçe manysy bar. Ol “böwedi” ýa-da “päsgelçiligi” aňladyp biler. Maskyň hut şu manyny göz öňünde tutýan bolmagy mümkin.
Şeýle-de, “bar” içgileriň, şol sanda alkogol içgileriniň satylýan ýerini aňladyp biler, bu ýerde içmek hem bolýar. Ýene bir many – gaty gönüburç şekili berlen madda, mysal üçin, sabyn bölegi ýa-da şokolad plitkasy.
2020-nji ýylda Mask SpaceX-iň 2026-njy ýylda Marsa ilkinji ekipažly uçuşy amala aşyrjakdygyna wada berdi. Ol Gyzyl planeta ilki 10 adam ibermegi, ahyrynda koloniýalaryň sanyny 80 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär. 2050-nji ýyla çenli Mask Marsa 1 mln adam äkitmegi göz öňünde tutýar.
Mask 2024-nji ýylyň maý aýynda Marsda ilkinji şäheriň 20 ýyldan, siwilizasiýanyň bolsa 30 ýyldan peýda boljakdygyny çaklady.


düýn 16:54
7.1k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......