Fransiýa penalti tapgyrynda Portugaliýany utup, Ýewro-2024-üň ýarym finalyna çykdy

  • 06.07.2024 10:00
  • 7.4k+

Fransiýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Portugaliýany utup, Ýewropa çempionaty - 2024-üň çärýek finalyna çykdy. Duşuşyk Gamburgda geçdi.

Oýnuň esasy hem goşmaça wagtlary 0:0 hasabynda tamamlandy.
11 metrlik urgular boýunça fransuzlar ýeňiş gazandy - 5:3. Portugaliýadan Žoau Feliksiň depen urgusy derwezäniň sütünine degip gaýtdy. Ronaldu öz urgusyny dürs ýerine ýetirdi.
Fransiýa şu gezekki Ýewropa çempionatynyň barşynda oýnuň barşynda ýeke gol hem geçirmedi - ýeke-täk goly Kilian Mbappe penaltiden geçirdi. Ýene iki goly garşydaş topar öz derwezesine geçirdi.
Ýarym finalda 9-njy iýulda Fransiýa Ispaniýa bilen duşuşar. Ispaniýa, öz gezeginde, ýaryşyň ýer eýeleri bolan Germaniýany utdy (2:1, goşmaça wagtda). Duşuşyk Mýunhende geçiriler.
Şu gün Ýewro-2024-üň galan 1/4 final duşuşyklary geçiriler. Angliýa Şweýsariýa bilen, Niderlandlar bolsa Türkiýe bilen duşuşar.
Ronaldu Ýewropa çempionatlarynyň dowamynda 30-njy duşuşygyny geçirip, öz rekordyny täzeledi. Bu görkeziji babatda ikinji ýerde onuň watandaşy Pepe ýerleşýär (23).


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....