Bitkoiniň hümmeti iň ýokary derejesinden 30% pese gaçdy. Çökgünligiň netijesi nähili bolar?

  • 05.07.2024 20:47
  • 4.7k+

Bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine barandan soň, 30% töweregi pese gaçdy. Bybit portalynyň berýän maglumatlaryna görä, birki günüň içinde esasy kriptowalýuta 64 000 dollar bolanlygyndan, takmynan, 53 000 dollara çenli pese gaçdy we bu ýagdaýyň haçan soňlanjagy heniz belli däl diýip, IXBT belleýär.

Şu ýylyň mart aýynda bitkoiniň taryhda iň ýokary derejä – 74 000 dollara ýetendigini ýatladýarys, ýöne aprel aýyndaky halwingden soň bu nyrh peselip başlady. Hünärmenler ösüş başlamazdan ozal bolup biljek düzediş barada duýduryş berdiler, ýöne pese düşüşiň depgini garaşylmadyk derejelere ýetdi.
Bitkoiniň çökmeginiň sebäpleriniň içinde bir wagtlar onuň iň uly söwda platformasy bolan Mt Gox-dan karz edaralaryna tölegler berilmegini, şeýle hem Silk Road derňewiniň çäginde nemes hökümeti tarapyndan döwlet haýryna geçirilen teňňeleriň gündelik satuwyny agzap bolar.
Käbir seljerijiler bu nyrhyň ýene 20 000 dollara çenli peseljekdigini we "aýy bazarynyň" başlanjakdygyny çaklaýarlar.
"Aýy bazary" - bu bazarda bahanyň birnäçe hepdeden başlap, köp ýyla çenli dowam edip biljek peselişi başdan geçirýän ýagdaýydyr.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...