Rişi Sunak Beýik Britaniýanyň premýer-ministri wezipesinden gider, onuň ornuny Kir Starmer eýelär

  • 05.07.2024 16:15
  • 9.2k+

Beýik Britaniýanyň ählumumy saýlawlarynda Leýborisler partiýasy parlamentde sesleriň aglaba köplügini alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Häzirki premýer-ministr Rişi Sunak Konserwatiw partiýanyň (tori) ýeňlendigini boýun alyp, tiz wagtdan wezipeden çekiljekdigini aýtdy.

Britaniýa hökümetiniň täze başlygy leýboristleriň lideri Kir Starmer bolar diýip, BBC ýazýar.
Ses berişligiň netijesine görä, leýboristler 650 orunlyk parlamentde 410 orun aldylar, bu bolsa soňky ýyllarda partiýa üçin iň gowy netijedir. Soňky gezek Leýboristik partiýa Beýik Britaniýanyň saýlawlarynda 2005-nji ýylda ýeňiş gazanypdy.
Soňky 14 ýyl ýurda ýolbaşçylyk eden Konserwatiw partiýanyň, saýlawlaryň jemi boýunça, parlamentde 119 orny bar (öňki 365-iň deregine). Bu toriniň iki asyrlyk taryhynda iň ýaramaz görkezijidir.
Liberal-demokratlar 71 orun aldy.
Bu Beýik Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden çykandan soň, ýurtda geçirilen ilkinji ählumumy saýlawlardyr.
Sunak Britaniýanyň halkynyň “aýňaldyjy karary” çykarandygyny we partiýadaşlaryň ýeňilmegine jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy. Leýboristleriň lideri Kir Starmer, öz gezeginde, saýlawçylaryň “öz pikirini aýdandyklaryny we özgerişlere taýýardyklaryny” belledi.


14.03.2026 15:33
3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...