Kanadadan Lesli atly towuk Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol sanlary, harplary we reňkleri bilýär

  • 05.07.2024 15:02
  • 19k+

Kanadadan Lesli atly towuk Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, “Dünýädäki iň akylly towuk” adyny aldy. Bir minutda alty sany, harpy we reňki tanamak bilen, üýtgeşik ukyplaryny görkezdi.

Lesliniň eýesi, weterinar Emili Kerrington öý haýwanyna köp endikleri öwretdi.
Kerrington: "Towuklar dogry harpy ýa-da reňki çoksa, özüne iým beriljegine düşünýär" – diýip düşündirdi. Zenan towuklaryň, köpleriň pikir edişi ýaly, samsyk däldigini görkezmek we "rekordy täzelemäge synanyşyk etmek" kararyna gelendigini gürrüň berdi.
Lesli 15 towuk bilen bäsleşdi. Ol iň ýokary takyklygy görkezdi, bir-iki günüň içinde harplaryň we sanlaryň şekilini ýatlamagy başardy.
Kerrington “The Thinking Chicken” (“Pikirlenip bilýän towuk”) atly YouTube kanalynda özüniň öý haýwanlary barada gürrüň berýär.


düýn 20:16
2.7k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
7.3k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....