Ýakyn aýlarda adaty göz bilen hem ýyldyzyň partlamasyny görüp bolar

  • 05.07.2024 14:33
  • 6.3k+

T Coronae Borealis, şeýle-de T CrB ýa-da "Lowlap ýanýan ýyldyz" ady bilen tanalýan ýyldyz partlamagyň öň ýanynda dur. Partlamanyň örän güýçli boljakdygy we Ýerden adaty göz bilen seredeňde hem görünjekdigi bellendi

Demirgazyk ýarym şarda islendik adamyň rekurrent täze diýilýän bu seýrek astronomiki hadysany synlamaga bir hepde wagty bolar. Beýle hadysa, köplenç, 79-80 ýyldan bir gezek gaýtalanýar.
Partlama şu tomus görünmeli.
T CrB-i ilkinji gezek 1217-nji ýylda asman giňişliginde nemes abbatlygynyň baştutany Abbott Burhard gördi. Ol öz ýazgylarynda “biraz wagt ýalbyrap ýagty saçan tutuksy ýyldyzy” agzaýar. Şondan soň adamzat ony ýene iki gezek resminamalaşdyrdy, onuň iň soňkusy 1946-njy ýylda bellik edildi. 2023-nji ýylyň mart aýynda astronomlar şowsuz çaklamany hasaba alyp, partlamanyň golaýdygyny görkezipdiler.
Alymlar T CrB-iň gaýtalanýan täzäniň mysalydygyny we bu wakany adamyň öz ömründe synlamaga mümkinçiliginiň bolmagy seýrek şowlulykdygyny bellediler.
Asmandan T CrB-ni tapmak üçin, ýagty Wega we Arktur ýyldyzlarynyň arasyndan Gerkules ýyldyzlar toplumyny tapmaly. T CrB edil gapdalda, goňşulykda U şekilli egrelip duran “Demirgazyk täç” ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär. Olary ýyldyzlar toplumlarynyň onlaýn kartasy bolan ýörite smartfon programmalaryny ulanyp, aňsatlyk bilen tapyp bolar.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...