“Bu nähili beýle bolýar?”: mämişi reňkleri bolmadyk pyrtykallar mämişi bolup görünýär

  • 05.07.2024 14:40
  • 7.7k+

Reddit güýmenje portalynda täze optiki illýuziýa ýaýrady. Suratda agaç tagtasynda duran pyrtykallar görkezilýär, göräýmäge suratda üýtgeşik zat ýok. Emma suratyň awtory - MaxChromaColor atly ulanyjy, suratyň mämişi we goňur reňkleri ulanylmazdan döredilendigini düşündirdi.

Muňa derek, awtor mämişi illýuziýany döredýän gök we çal reňklerini ulanypdyr. Ulanyjylar surat redaktorlarynda suraty barladylar we hakykatdanam adamyň gözüniň görýän reňkleriniň ýokdugyna göz ýetirdiler.
Teswirlerde ulanyjylar gyzykly bir hakykaty ýada saldylar. Portugal täjirçileri Aziýadan apelsin agaçlaryny getirmezden ozal Ýewropa halklarynyň mämişi reňki üçin XVI asyra çenli hiçhili kesgitlemesi ýokdy. "Orage" (mämişi) ady miwäniň hormatyna berlipdi we bu sözüň özi sanskrit “नारङ्ग” (nāraṅga) dilinden alnan pars “ نارنگ” (nārang) dilinden alnypdyr. Bu bolsa drawid dillerindäki ajy pyrtykalyň adyndan gelip çykýar - നാരങ്ങ (nārañja). Köp türki dillerinde bolşy ýaly, türkmen dilinde hem “narynç” sözüniň ulanylýandygyny belläp geçeliň.
“Orange” sözünden öň, iňlis dilinde gürleýän halklar mämişi reňk hakda aýdylanda “sary-gyzyl” diýmegi aňladýan “geoluhread” sözüni ulanýardylar.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......