Samsung elýeter bahaly flagman Galaxy S24 FE-ni bäş reňkde çykarar

  • 05.07.2024 14:17
  • 5k+

Samsung bäş reňkde: gara, çal, açyk gök, açyk ýaşyl we sary reňklerde boljak arzan bahaly flagman Galaxy S24 FE-ni çykarmaga taýynlanýar diýip, Gizmochina habar berýär.

Ozal internetde smartfonyň açyk ýaşyl reňkli suratlary peýda bolupdy. Täze önümiň inçe çarçuwaly 6,65 dýuýmly ekran almagyna garaşylýar.
Öňki modellerden tapawutlylykda, Galaxy S24 FE Snapdragon prosessory däl-de, Exynos 2400 prosessory bilen üpjün ediler.
Smartfon Android 14-de işläp, 12 Gb operatiw ýada eýe bolar.
Galaxy S24 FE-niň esasy kamerasy 50 MP durulykda bolar, şeýle hem 12 MP ultra giň kamerasy we 3x optiki ýakynlaşdyrmaly 8/10 MP tele-foto kamerasy bolar.
Galaxy S24 FE-niň çykaryljak senesi entek yglan edilmedi, ýöne şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda onuň satuwda peýda bolmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...