“Mançester Ýunaýted” baş tälimçi Ten Hag bilen şertnamany uzaltdy

  • 04.07.2024 20:28
  • 5.2k+

“Mançester Ýunaýted” baş tälimçi Erik Ten Hag bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada futbol klubunyň saýtynda habar berilýär. Şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

“Men klub bilen bilelikde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanylandygyna begenýärin. Biz kluba gelenimden bäri gazanylan iki kubogy we ösüşiň köp mysallaryny buýsanç bilen ýatlap bileris. Ýöne biz öňde “Mançester Ýunaýtedden” garaşylýan derejä ýetmek üçin agyr işleriň köpdügine-de düşünmeli, bu Angliýada we Ýewropada titullar ugrunda göreşmegi aňladýar” – diýip, Ten Hag aýtdy.

Ten Hag bu klubda 2022-nji ýylyň tomsundan bäri işleýär. 2023/24-möwsümini topar Angliýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde sekizinji orunda tamamlady, bu klubuň 1990-njy ýyldan bäri iň ýaramaz netijesidir. Mundan öň hünärmen Niderlandlaryň “Gou Ehed Iglz”, “Utreht” we “Aýaks” toparlaryna, şeýle-de nemes “Bawariýasynyň” farm-klubuna halypa boldy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......