Xiaomi SU7-niň önümçiligini artdyrdy, ýöne müşderiler şonda-da uzak garaşmaly: olara sowgat berler

  • 04.07.2024 14:21
  • 4.6k+

Xiaomi 2024-nji ýylyň iýun aýynda SU7 elektrik ulaglarynyň üpjünçiliginiň 10 000 birlikden geçendigini resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa bu görkezijini iýul aýynda hem saklamagy wada berdi diýip, IXBT ýazýar.

Deňeşdirmek üçin, maý aýynda 8 630 Xiaomi awtoulagy, aprel aýynda bolsa 7 058 awtoulag iberildi. Öň kompaniýa iýun aýynda awtoulaglaryň önümçiliginiň iki çalşykda alnyp baryljakdygyny, aýlyk önümçiligiň mukdarynyň bolsa 10 000 awtoulagdan geçmelidigini habar beripdi. Uzak möhletli geljekde Xiaomi Motors şu ýyl 100 000 awtoulag, indiki ýyldan başlap bolsa 120 000 awtoulag derejesine ýetmegi wada berýär.
28-nji iýunda Xiaomi täze mahabat işine başlady, oňa görä awtoulag sargyt eden we 3 aýdan gowrak garaşan ulanyjylar Xiaomi Auto-dan sowgat alarlar. Jikme-jiklikleri takyk aýdylmady.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....