Galaxy Ring akylly ýüzüginiň haýsy funksiýalary aljakdygy belli boldy

  • 04.07.2024 14:28
  • 3.8k+

Samsung gadjetleriň ekosistemasyna goşant goşjak akylly ýüzük bolan Galaxy Ring-i çykarmaga taýynlanýar. Samsung Health programmasynyň iň soňky wersiýasyny öwrenmek bilen, höwesjeňler täze önümde haýsy funksiýalaryň boljakdygyny bildiler. Gadjetiň çykjak gününe çenli ulanyjylaryň köpüsinde gurulmagy üçin kompaniýa täzelenmäni öňünden goýbermäge karar beren bolmagy ähtimal diýip, TechRadar ýazýar.

Maglumatlara görä, ýüzük ýürek urgusyny, stress derejesini, ukyny, bedeniň temperaturasyny yzarlaýar. Şeýle hem, Galaxy Ring uky wagtynda horlamany we agyr dem almagy yzarlap bilýär.
Samsung-yň akylly sagatlaryndan tapawutlylykda, Galaxy Ring batareýasynyň kuwwatlylygynyň çäkliligi sebäpli ýürek urgusyna we stresse üznüksiz gözegçilik etmek funksiýasy bilen üpjün edilmejekdigini bellemelidiris.
Ykjamlygyna garamazdan, Galaxy Ring ýüzügi düýbünden özbaşdak ulanyp bolmaz. Onda ekranyň we dolandyryşyň ýok bolmagy, smartfonyň bolmagyny talap edýär.
Hünärmenler ulanyjylaryň köpüsi üçin Galaxy Ring adaty akylly sagatlardan we fitnes bileziklerinden artykmaçlygy bolmazdan stile laýyk aksessuar bolup galar diýip, hasaplaýarlar.


düýn 18:51
3.6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....