Ed Şiran 1/4 finalyň öňüsyrasynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylarynyň öňünde çykyş etdi

  • 04.07.2024 13:56
  • 7.3k+

Britaniýaly aýdymçy Ed Şiran Şweýsariýanyň milli ýygyndysyna garşy Ýewro-2024-üň dörtden bir final oýnunyň öňüsyrasynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary we tälimçiler topary üçin konsert berdi.

Pop-ýyldyzyň çykyşy Germaniýada toparyň ýerleşýän ýerinde boldy.
Angliýanyň milli ýygyndysy 1/8 finalda Slowakiýany utup (2:1), Ýewro-2024-üň çärýek finalyna çykdy. Iňlisleriň düzüminde gollary Jud Bellingem we Harri Keýn geçirdi.
6-njy iýulda topar Şweýsariýanyň milli ýygyndysy bilen oýnar. Oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. 


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....