Apple iPhone batareýalaryny çalyşmagy aňsatlaşdyrýar

  • 03.07.2024 12:58
  • 5.4k+

Apple 2025-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň elektronikany abatlaýyş işlerini gowulandyrmaga gönükdirilen täze düzgünlerine laýyklykda iPhone batareýalarynyň çalşyrylmagyny aňsatlaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Hususan-da, täze düzgünler ähli telefon batareýalarynyň 2025-nji ýyla çenli ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinmegini talap edýärler. Muňa laýyklykda kompaniýa batareýany çalyşmak işini has aňsat we elýeterli etjek täze tehnologiýany ösdürýär. Ol iPhone 16 modellerinde ilkinji gezek satuwa çykarylar. 2025-nji ýyla çenli bolsa ol iPhone 17 modelleriniň ählisinde elýeterli bolar diýlip garaşylýar.
Häzirki wagtda batareýa ýelim zolaklarynyň kömegi bilen korpusa dakylýar. Geljekde batareýa sähel elektrik toguny alandan soň ony ýerinden çykarjak demir korpusa dakylar. Bu tehnologiýa "elektrik öjükdirme" diýilýär.
Şeýle-de bolsa, entek meýilleşdirilýän aýryp bolýan gapagyň ýoklugy sebäpli batareýa ýetmek aňsat bolmaz.
Apple prosessiň çylşyrymlylygyny we bolup biljek töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, batareýalary çalyşmakda professionallara ýüz tutmagy maslahat bermäge dowam eder.
Gyzykly ýeri, enjamlaryň 500 gezek doly zarýaddan soň 83% we 1000 gezek zarýaddan soň 80% kuwwatlylygy saklamak ýaly käbir kriteriýalara laýyk gelmegi bilen, Apple talaplary ýerine ýetirmekden boşadylyp bilner.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...