Neýroulgam ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna teswir berer

  • 03.07.2024 11:43
  • 4.3k+

NBCUniversal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri kompaniýasy we Peacock akym hyzmaty Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň esasy wakalaryny beýan etjek Your Daily Olympic Recap on Peacock atly täze programmany döreder. Programmanyň tapawutly aýratynlygy sport wakalaryna amerikaly meşhur teswirçi El Maýklsyň sesi bilen teswir berjek neýroulgamyň ulanylmagy bolar diýip, NBC News teleýaýlymy  habar berdi.

Bu Olimpiýa oýunlaryna teswir bermekde emeli aňyň ilkinji gezek ulanylyşydyr.
Bu programma Maýklsyň äheňine öýkünmek bilen, jümleleriň, takmynan, ýedi million görnüşini döreder. Kompaniýalar muňa akym platformalarynyň ösüşinde täze ädim hökmünde garaýarlar.
Maýkls Amerikanyň Vanity Fair žurnalyna beren interwýusynda ilki bu pikire şübheli garandygyny, ýöne soňra tehnologiýa haýran galandygyny aýtdy.
Teswirçi: “Dogrymy aýtsam, bu täsin, ajaýyp hem birneme gorkunç. Ses meniňkä diňe bir golaý bolmak bilen çäklenmän, ol idealdan 2% pes diýen ýalydy"-diýdi.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli aralykda geçiriler.


23.05.2026 21:06
3.4k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

19.04.2026 18:54
1.8k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....