iPhone X, birinji nesil AirPods we birinji nesil HomePod könelişen gajetleriň hataryna goşuldy

  • 02.07.2024 23:08
  • 6.7k+

Apple kompaniýasy üç gajetini wintaž gurluşlaryň hataryna goşdy. Bu barada MacRumors portaly habar berýär.

Wintaž gurluşlaryň sanawyna iPhone X, birinji nesil AirPods we birinji nesil HomePod girdi.
2017-nji ýylyň iPhone X gurluşy kompaniýanyň Touch ID düwmesini ýitiren ilkinji çarçuwasyz smartfony boldy. Şondan bäri flagman iPhone modellerinde Face ID 3D-ýüzi skanirleme sistemasy ulanylýar. 2016-njy ýylyň AirPods-y Apple-iň ilkinji TWS nauşnikleri boldy. 2017-nji ýylda hödürlenen birinji nesil HomePod kolonkasy bolsa akylly öýi dolandyrmak mümkinçiligine eýe bolan akustiki sistemady.
Wintaž statusynyň berilmegi bu gurluşlaryň işleýşine täsirini ýetirmez, ýöne kompaniýanyň resmi hyzmat merkezi zerur ätiýaçlyk şaýlary bolmasa, gurluşlary bejermekden ýüz öwrüp biler. Geljekde bu gajetler könelişenleriň hataryna goşular. Apple gurluşy soňky resmi satuwyndan ýedi ýyl geçensoň könelişen diýip ykrar edýär. Şondan soň kompaniýanyň hyzmat merkezleri şeýle gurluşy bejermekden ýa-da başga hyzmatlary hödürlemekden ýüz öwürýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...