Xiaomi Redmi K70 Ultra-ny çykarmaga taýynlanýar: Dimensity 9300+ we IP68-li elýeter bahaly flagman

  • 02.07.2024 16:15
  • 5.8k+

Xiaomi kompaniýasy täze Redmi K70 Ultra smartfonynyň çykjakdygyny tassyklady. Redmi bölüminiň başlygy Wan Ten Tomas täze önümiň IP68 standartyna laýyklykda tozan we suw goragyny aljakdygyny, bu tehnologiýanyň Redmi smartfonlarynda ilkinji gezek ulanyljakdygyny mälim etdi diýip, GSM Arena habar berýär.

Redmi K70 Extreme Edition diýlip hem tanalýan Redmi K70 Ultra, flagman MediaTek Dimensity 9300+ çipsetini, 24 GB LPDDR5X operatiw ýadyny we 1TB UFS 4.0 ýat saklaýjysyny alar.
Enjam 120Wt çalt zarýad goldawly 5500mAs akkumulýator we 1,5K OLED ekrany bilen enjamlaşdyrylar.
Redmi K70 Ultra-nyň tanyşdyrylyş dabarasy 2024-nji ýylyň iýul aýynda Hytaýda geçiriler. Enjam dünýä bazarynda başga bir at bilen peýda bolup biler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...