Apple iPhone-ny ýygnama boýunça iş ýerleriniň 50%-ini azaldyp, robotlar bilen çalyşýar. Emma munuň hem kynçylyklary bar

  • 02.07.2024 13:38
  • 6.8k+

Ýakyn ýyllarda iş ýerleriniň 50%-ni azaltmagy maksat edinýän Apple iPhone ýygnaýan zawodlarynda giň gerimli awtomatlaşdyrma işlerini geçirýär.

The Information neşiri bu kararyň 2022-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda pandemiýa wagtynda karantin sebäpli önümçilikde ýüze çykan näsazlyklardan soň kabul edilendigini ýazýar.
Apple iPhone 15-iň önümçiliginde eýýäm ep-esli awtomatlaşdyryşa sebäp bolan gymmat bahaly awtomatlaşdyryş taslamalaryna maýa goýdy. Emma bu prosesde kynçylyklar hem ýok däl.
Awtomatlaşdyrylan işleriň käbiri hil meselesi bilen bagly gijikdirilmeli boldy we robotlar hemme ýagdaýda adamyň ornuny tutup bilmeýärler. iPhone 16 seriýasynyň önümçiliginde “kemçilikleriň göteriminiň ýokarydygy” bellendi.

“Bu ýyl Apple iPhone-nyň düwmelerini, kabul edijisini, dinamikini we esasy enelik platasyny gurnamakda maşynlary ulanmak bilen, awtomatlaşdyrmakdaky käbir üstünliklerini ösdürmäge synanyşdy. Emma maşynlar käbir bölekleri bolmalysy ýaly berkidip bilmedi "-diýip, The Information belleýär.

Bu kynçylyklara garamazdan, Apple iPhone-nyň önümçiliginiň käbir bölegini Hindistan, Wýetnam we Tailand ýaly Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna geçirmäge mümkinçilik berýän awtomatlaşdyrmak işini dowam etdirmekçi bolýar.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...