Astroscale hemrasy kosmos galyndylaryny ýok etmäge taýýarlyk görmek üçin olara ýakynlaşdy

  • 01.07.2024 14:57
  • 4.2k+

Astroscale kompaniýasy tarapyndan kosmos giňişligini arassalamak üçin döredilen ADRAS-J ýapon emeli hemrasy, 50 m uzaklykda 11 m uzynlykdaky H-2A raketasyna üstünlikli ýakynlaşdy. Kosmos galyndylaryny ýok etmäge taýýarlygyň çäklerinde geçirilen operasiýa obýektiň ýokary hilli suratlaryny almaga mümkinçilik berdi diýip, TASS ýazýar.

Aprel aýynda hemra eýýäm birnäçe ýüz metr ýakynlaşypdy. Indi, aralygy üstünlikli azaldandan soň, ADRAS-J oňa birnäçe metre ýakynlaşyp, aýlanmaly we jikme-jik maglumat ýygnamaly.
Geljekde Astroscale uly kosmos galyndylaryny ele almak we ýok etmek tehnologiýalaryny täjirçilik esasda ösdürmegi we synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Roskosmosyň berýän maglumatyna görä, Ýeriň golaýyndaky orbitalarda 1 sm-den uly kosmiki obýektleriň sany eýýäm 1 milliondan geçýär we 2030-njy ýyla çenli 1,5 esse artar, bu kosmos gämileriniň kadaly işlemegine howp salýar.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......