Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyny (U20) Aziýanyň Kubogy-2025-iň saýlama tapgyryna Döwletmyrat Annaýew taýýarlar

  • 30.06.2024 21:08
  • 12k+

43 ýaşly futbol hünärmeni Döwletmyrat Annaýew baş tälimçi hökmünde Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy toparyny Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama oýunlaryna taýýarlar. Bu karar Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

25–30-njy sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama ýaryşynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýaşlar toparlary bolar. Bular «I» toparyna girýärler.
Aziýa ýaşlar (U20) kubogynyň saýlaw ýaryşynda 10-a bölünen 45 topar çykyş eder. 2025-nji ýylyň 6–24-nji fewralynda Hytaýda geçiriljek jemleýji bölüme toparlaryň ýeňijileri we ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy bäş topar çykar. Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama oýunlaryna taýýarlygyň çäginde Döwletmyrat Annaýewiň topary 5–13-nji iýul aralygynda Jalal-Abat şäherinde (Gyrgyzystan) geçiriljek ýaşlar (20 ýaşa çenli) toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar.
Bu ýaryşyň birinji tapgyrynda türkmen futbolçylary «B» toparda Eýranyň we Özbegistanyň toparçalary bilen oýnar. 5-nji iýulda ildeşlerimiz özbegistanly deň-duşlary bilen, 7-nji iýulda bolsa eýranly garşydaşlary bilen duşuşarlar.
«A» toparynda Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýaşlar ýygyndy toparçalary çykyş eder.
Toparlaryň ýeňijileri finala çykarlar. Öz toparlarynda ikinji orny eýeleýän toparçalar bolsa bürünç medallar ugrunda bäsleşer. Şeýle hem bäşinji we altynjy ýerler üçin teselli oýny geçiriler.
Döwletmyrat Annaýewiň baý tälimçilik tejribesi bar. Ol 2019-njy ýylda «Köpetdag» topary birinji liga çykardy, soň Tofik Şükürowyň bu topar bilen ýokary ligada işlemegine kömekleşdi, baş tälimçi hökmünde «Aşgabat» FK-a, şeýle hem Iordaniýada geçen Aziýa birinjiliginiň saýlaw ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar toparyna (U17) ýolbaşçylyk etdi.
D.Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (U20) baş tälimçisi wezipesine bellenmezden ozal, milli futbol çempionatynyň ikinji aýlawyndan başlap, «Ahal» topary türgenleşdirdi. Özi-de üstünlikli. Onuň ýolbaşçylygynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Türkmenistanyň çempionatynyň 8 oýnunda 6 ýeňiş gazandy, «Altyn asyr» topary bilen oýnan bir oýnuny 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlady we diňe bir oýunda ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» toparyndan utuldy – 0:4.


düýn 19:30
1.9k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
4k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

13.05.2026 23:00
2.9k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....