Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýuldy

  • 30.06.2024 20:50
  • 19k+

29-njy iýunda günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Forumyň dowamynda asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýlandygy barada habar berildi. Bu barada  Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary habar berdi.

Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.
Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny hem-de talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar, degişli güwänama gowşuryldy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....