Apple Vision Pro garniturasy Aziýa we daşary ýurt bazarlaryna çykýar

  • 30.06.2024 12:58
  • 4.1k+

Apple kompaniýasy Aziýanyň dört ýurdunda – Hytaýda, Ýaponiýada, Singapurda we Gonkongda Vision Pro garniturasynyň satuwynyň başlanandygyny mälim etdi. 2024-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ-da ilkinji gezek çykaly bäri bu gurluş diňe amerikaly alyjylar üçin elýeterlidi.

Aziýada satuwa goýberilmeginiň öňüsyrasynda Apple öz dükanlaryny ýörite görkeziş zolaklary bilen üpjün etdi, bu ýerde potensial müşderiler garnitura bilen tanşyp, hünärmenlerden maslahat alyp bilýärler.
Belläp geçsek, kompaniýa Vision Pro-nyň programma üpjünçiligini ýerli bazarlara laýyklaşdyrdy. Mysal üçin, hytaýly ulanyjylar üçin TikTok-yň analogy – ByteDance-den Douyin programmasy işlenip taýýarlandy.
Aziýa ýurtlaryndan başga-da, 28-nji iýunda Germaniýada, Fransiýada, Awstraliýada, Beýik Britaniýada we Kanadada Vision Pro üçin deslapky sargytlar kabul edilip başlandy. 12-nji iýuldan başlap garnitura bu ýurtlarda satyn almak üçin elýeterli bolar.


düýn 15:00
985

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

22.03.2026 12:15
1.6k+

Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi. Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...