Germaniýada futbol butsysyna meňzeýän 2000 ýaşly aýakgap tapyldy

  • 29.06.2024 14:48
  • 13k+

Bawariýada (Germaniýa) arheologlar gadymy Rim sandalynyň galyndylaryny tapdylar. Bawariýanyň ýadygärlikleri goramak boýunça döwlet edarasynyň habaryna görä, butsynyň ýaşy 2000 ýyl töweregi.

Tapyndy Oberştimm şäheriniň golaýyndaky gadymy Rimiň harby galasynyň golaýyndaky raýat şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda tapyldy. Bu şäherçe b.e. 60-130-njy ýyllar aralygynda esaslandyrylypdyr.
Aýakgap deriden tikilen bolup, diňe dabany we birnäçe çişi galypdyr. Rentgen seljermesi munuň rim legionerleriniň geýen, aşagy çişli, berk, kaligi diýilýän sandalydygyny görkezdi. Çişler ýere ykjam ilteşip, nätekiz ýerlerden ýörelende dabany gorapdyr. Şotlandiýanyň Trimontium Museum-iniň hünärmenleri şeýle aýakgaplaryň aýagy gabarçaklamakdan we “garym dabany” diýlip atlandyrylýan keselden goraýandygyny bellediler (“aşa çygly howa şertlerinde aýagyň uzak wagtlap sowukda saklanmagy” netijesinde dabana zeper ýetmegi).
Gyzykly tarapy, butsy, aýratynam Germaniýada Ýewropanyň Futbol çempionatynyň geçýän döwründe, häzirki zamanyň aşagy çişli futbol aýakgaplaryna (şipowkalara) çalymdaşdy.
Bawariýanyň ýadygärlikleri goramak boýunça müdirliginiň wekiliniň sözlerine görä, tapyndy ýerli ilatyň gadymy rimlileriň däp-dessurlaryny, şol sanda egin-eşiklerini kabul edendigini görkezýär.
B.e. I asyrynyň ahyrynda Rim goşuny “kalseý” diýlip atlandyrylýan ýapyk ädiklere  geçmek bilen, kaliglerden ýüz öwürdi.


13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....