Iri aýdym-saz leýbllary Suno we Udio-ny awtorlyk hukugyny ogurlamakda günäkärleýär

  • 28.06.2024 21:46
  • 2.8k+

Iri ses ýazgy kopmaniýalary emeli aň aýdymlaryny döredijiler bolan Suno we Udio-ny awtorlyk hukuklaryny bozmakda aýyplap, kazyýete berdiler. Amerikanyň ses ýazgy senagaty assosiasiýasy (RIAA) tarapyndan berlen kazyýet işine Sony Music Entertainment, Universal Music Group Recordings we Warner Records gatnaşýarlar.

Suno AI-a garşy kazyýet işi Boston şäheriniň federal kazyýetinde, beýlekisi bolsa Nýu-Ýork kazyýetinde Udio AI-ny dörediji Uncharted Labs-a garşy gozgaldy. Ses ýazgy kompaniýalary Suno we Udio-nyň programma üpjünçiliginiň aýdym-saz ogurlaýandygyny we şoňa meňzeş aýdymlary rugsatsyz döredýändigini nygtaýarlar. Olar her aýdym üçin 150 müň dollar öwez tölegini talap edýärler.
Geçen ýyl öz önümini çykaran Suno AI, aprel aýynda işe başlan Microsoft Udio bilen hyzmatdaşlyk edip, ony amerikan prodýuseri Metro Boomin wirus parodiýasyny döretmek üçin ulanandan soň meşhurlyga eýe boldy.
Suno AI tehnologiýasynyň özboluşly eserleri döredýändigini we ulanyjylaryna aýdymyň ýerine ýetirijisi bilen aragatnaşyga rugsat bermeýändigini aýdýar. RIAA aýdym-saz pudagynyň emeli aň döredijileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy, ýöne "artistleriň döredijilik işini ogurlaýan ygtyýarnamasyz hyzmatlar, dogruçyl emeli aňyň ösmegine päsgel berýär".


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......