Täzeliklere bolan gyzyklanma dünýäde peselýär. TikTok däp bolan HBS-den öňe geçýär

  • 26.06.2024 13:55
  • 5.9k+

Oksford uniwersitetiniň Reýter žurnalistikany öwreniş institutynyň (Reuters Institute) täze gözleglerine görä, täzeliklere bolan gyzyklanma bütin dünýäde kemelýär. Köp adam olary içgysgynç ýa-da gynandyryjy hasaplaýar diýip, Bi-bi-si habar berýär.

47 ýurtdan 95 000 adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmada oňa  gatnaşanlaryň diňe 46%-iniň habarlary ünsli yzarlaýandygy, ýagny olaryň 2017-nji ýyldaky 63%-den pesdigi anyklandy.
Şol bir wagtyň özünde, habarlardan bilgeşleýin gaça durýan adamlaryň paýy ýedi ýylda 29%-den 39%-e çenli artdy. Habarlardan gaça durmak meýli iň ýokary derejede diýip hasabatda bellenýär.
Barlagyň awtorlary muny COVID-19 pandemiýasy we harby gapma-garşylyklar bilen birlikde, soňky ýyllaryň “çylşyrymly habar meýilnamasy” bilen baglanyşdyrýarlar.
Hasabatyň esasy awtory Nik Nýuman: "Habarlary ýigrenmek - adamlara akyl saglygyňy goramak ýa-da durmuşyňy dowam etdirmek üçin zerur tebigy reaksiýa" – diýip belledi.
Şeýle hem, barlagyň hasabatynda soňky onýyllykda telewideniýe we neşirler ýaly, adaty habar beriş serişdeleriniň tomaşaçylarynyň we okyjylarynyň ep-esli azalandygy aýdylýar. Ýaşlar täzelikleri internetden we sosial ulgamlardan bilenlerini has gowy görýärler.
Şol bir wagtyň özünde, Facebook, kem-kemden meşhurlygyny ýitirýän hem bolsa, dünýäde täzelikleri bilmegiň esasy platformasy bolmagynda galýar. Beýleki meşhur maglumat çeşmelerine indi YouTube, WhatsApp we TikTok girýär.
Esasanam soňkusy 18-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 23% -iniň täzelikleri bilýän  esasy çeşmesi hökmünde gülläp ösýär. Sebäbi TikTok-yň formaty bolan gysga wideolar habarlar bilen tanyşmagyň has meşhur usulyna öwrülýär.


şu gün 15:58
779

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......