ABŞ-da abunalygy ýatyrmagy kynlaşdyrandygy üçin Adobe kazyýete berildi

  • 26.06.2024 13:57
  • 2.4k+

ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşi (FTC) kompaniýany sarp edijileri goramak kanunlaryny bozmakda aýyplap, Adobe-e garşy kazyýet işini açdy. FTC-niň aýtmagyna görä, Adobe meşhur Photoshop ýaly hyzmatlaryna abunalygy ýatyrmagy emeli usulda kynlaşdyrýar, muny Bloomberg habar berýär.

FTC kompaniýanyň ýüzlerçe dollara baryp bilýän abunasynyň ýatyryş töleglerini mälim etmezden, müşderileri ýyllyk abuna ýazylmaga mejbur edýändigini aýdýar. Abunalygy ýatyrmak, ulanyjynyň saýtyň birnäçe sahypasynda gezmegini ýa-da müşderi hyzmatynyň wekilleri bilen habarlaşmagyny talap edýär.
Mundan başga-da, abunalygyňyzy ýatyrsaňyz, hyzmat ulanylandan soň iki hepdäniň içinde puluňyzy yzyna alyp bilersiňiz. Bu möhlet geçen ýagdaýynda puluňyz yzyna gaýtarylmaz we aýlyk tölegli ýyllyk abunada bolsaňyz, abuna pulunyň goşmaça 50% tölemeli bolarsyňyz. Kompaniýa abuna şertlerini “ownuk şriftlerde we giperssylkalarda gizleýär” diýip, The Verge ýazýar.
Adobe kazyýetde kazyýet işine garşy göreşjekdigini aýtdy. Kompaniýa abunalyk şertleriniň aç-açan we ähli ulanyjylar üçin elýeterlidigini nygtaýar.


şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......