Kolin Farrell, Dewid Bekhem we Green Day Golliwudyň Şöhrat bagýodasyndan ýyldyz alarlar

  • 26.06.2024 13:13
  • 6.8k+

2025-nji ýylda Golliwudyň meşhur Şöhrat bagýodasynda 30-dan gowrak täze ýyldyz peýda bolar. Olaryň arasynda aktýorlar Kolin Farrell, Jessika Çesteýin we Jeýn Fonda, Green Da we Depeche Mode aýdym-saz toparlary, şeýle hem futbolçy Dewid Bekhem bolar diýip, Variety habar berýär.

Film kategoriýasynda režissýor Jon Karpenteriň hyzmaty hem bellendi.
Telewideniýede, beýlekiler bilen bir hatarda, “Günorta seýilgäh” (“Южный Парк”) filmini döredijiler Treý Parker bilen Mett Stoun hem ýyldyz alar.
“Sport güýmenjeleri” nominasiýasynda, Dewid Bekhemden başga-da, beýsbolçy Orel Herşaýser hem ýyldyz alar.
“Ses ýazgysy” kategoriýasynda ýyldyz WAR, Los Bukis, The B-52s, The Isley Brothers toparlaryna, şeýle-de, ýerine ýetirijiler Basta Ramsa, Jorj Streýte, Fantaziýa Barrino we Kit Urban-a berler. Aradan çykan Prinsiň hormatyna hem ýyldyz goýlar.
“Teatr / Janly ýerine ýetirişde”-n ýyldyzy Misti Kouplend we Alan Kamming alar.
Saýlaw komitetiniň başlygy Piter Rot baýrak eýeleriniň hersiniň “öz ugurlarynda kämilligiň düýp özenini görkezýändigini” aýtdy. Ýyldyz gowşurylyş dabaralary iki ýyldan gowrak wagt dowam eder.


02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...