Wertikal uçup-gonýan, geljegiň kaşaň uçarynyň dizaýny görkezildi

  • 26.06.2024 14:21
  • 9.6k+

Şweýsariýaly başlangyç Sirius Awiasiýa işlenip taýýarlanylýan futuristik iş uçarynyň nähili boljakdygyny görkezdi. 28 kanally ýelpewaçlar bilen enjamlaşdyrylan CEO Jet uçary dikligine uçup-gonup we tizligini sagatda 515 km-ä ýetirip biler. Ol wodorod ýangyç elementlerinde işlär diýip, New Atlas ýazýar.

CEO Jet-iň dizaýny BMW Designworks bilen bilelikde işlenip düzüldi. Taslama 2024-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Londonda geçirilen MOVE Expo sergisinde görkezildi.
Apparat üç ýolagçy we pilot üçin niýetlenendir, kaşaň interýer bilen enjamlaşdyrylandyr. Içinde dolandyryşlar bilen ýönekeýleşdirilen kabina bar. Görkeziş meýdany töweregi optimal görmek üçin öň we iki tarapa uzalyp gidýär. Sanly displeýde uçuş we nawigasiýa maglumatlary görünýär.
Uçar gap-gaç ýuwýan maşyn deý asuda bolar ýaly taslamalaşdyrylandyr . Ol 6400 m belentlikde uçup, bir syýahatda 1850 km ýol geçip biler diýlip garaşylýar.
Sirius Awiasiýa CEO Jet -iň köpçülikleýin önümçiligine 2028-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, kompaniýa suwa gonup bilýän Adventure Jet düşünjesini hödürledi.

şu gün 11:10
32

OpenAI we Anthropic iň täze AI modellerini ýapyk tertipde çykarýar: näme üçin beýlekä?

OpenAI kompaniýasy öz blogunda çat-botunyň iň täze wersiýalary bolan GPT-5.6 Sol-yň, Terra-nyň we Luna-nyň çykarylandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň hökümetiniň talap etmegi boýunça bu modellere elýeterlilik hökümet......

düýn 10:31
5.9k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.3k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......