Ýewro-2024: Ukraina ýeňdi, Polşa gaýtdy, Fransiýa – Niderlandlar gol geçirmedi

  • 22.06.2024 08:58
  • 13k+

21-nji iýunda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi: Ukraina Slowakiýa bilen, Polşa Awstriýa bilen, Fransiýa bolsa Niderlandlar bilen oýnady.

E toparda Ukraina Slowakiýadan üstün çykdy. Dýusseldorfda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.
Slowakiýalylardan Iwan Şransyň 17-nji minutda geçiren golundan soň, ukrainalylar 54-nji minutda Nikolaý Şaparenkonyň goly bilen hasaby deňlediler. Roman Ýaremçuk bolsa 80-nji minutda ýeňiş goluny geçirdi.
Birinji oýnunda Ukraina Rumyniýadan 0:3 utulypdy, Slowakiýa bolsa Belgiýany utdy (1:0). Netijede E toparda 3 ýygyndyda 3 utukdan bar - Rumyniýada, Slowakiýada we Ukrainada. Belgiýada häzirlikçe 0 utuk bar. Ol ikinji oýnuny şu gün Rumyniýa garşy geçirer. Duşuşyk ýekşenbe gününe geçilýän gije bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.


D toparda Awstriýanyň milli ýygyndysy Polşadan üstün çykdy. Berlinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. Awstriýadan gollary Gernot Trauner (9), Kristof Baumgartner (66) we Marko Arnautowiç (78, pen.), Polşadan Kşiştof Pýöntek (30) geçirdi.


Fransiýa - Niderlandlar duşuşygynda şu gezekki çempionatda ilkinji gezek golsuz oýun boldy - 0:0. Duşuşyk Leýpsigde geçirildi. Birinji oýnunda burnuna şikes alan Kilian Mbappe oýna çykmady.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça Niderlandlar bilen Fransiýada 4 utukdan, Awstriýada 3 utukdan bar. Polşa iki oýunda hem utulyp, toparda dördünji orny eýeledi. Ol Fransiýa bilen duşuşygynyň netijesine garamazdan, ýaryşdan gaýdar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......