Gadymy Müsür sarkofagynda “Simpsonlaryň” gahrymanyna meňzeş portret tapyldy

  • 21.06.2024 15:48
  • 26k+

3500 ýyl mundan ozalky Müsür mumiýasynyň sarkofagynyň içinde amerikan multserialy “Simpsonlaryň” personažlarynyň birine örän meňzeş bolan zenan portreti tapyldy. Bu barada The Archaelogist neşiri ýazýar.

Arheologlar ýokary ruhany Jehuti El-Aşmuneýniň gyzy Tadi Istiň mumiýalanan galyndylaryny saklaýan tabydy 2023-nji ýylda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapdylar. Mazar Täze patyşalygyň (biziň eýýamymyzdan öňki 1550 – 1069-njy ýyllar) ýokary wezipeli adamlarynyň we ruhanylarynyň jaýlanan gonamçylygynda tapyldy.
Mumiýa gowy ýagdaýda saklanypdyr. Onda maska we monjuk bilen bezelen köýnek bardy. Ýöne ylmy gözlegçileri başga bir zat, has dogrusy, tabydyň gapagynyň iç ýüzündäki surat haýran galdyrdy. Gapakda sary bedenli we gök saçy sütün ýaly ýokaryk galdyrylan bir zenan şekillendirilipdir. Ol “Simpsonlar” multserialyndan personaž Marj Simpsonyň keşbini ýada salýar.
Gadymy tabydyň suraty ýakynda Reddit-de ýerleşdirildi we ol sosial ulgamy ulanyjylaryň arasynda uly täsir galdyrdy.
Hünärmenler sarkofagyň gapagynda onda jaýlanan zenan şekillendirilendir diýip çaklaýarlar. Şeýle-de, çekilen şekil günüň 12 sagadyny alamatlandyrýan on iki ruhany bilen gurşalypdyr.
Sarkofagyň golaýynda XX neberäniň ahyryndan agaç tabyt bar, çen bilen, ol ýokary ruhany Jehutiniň aýdymçysy Nani atly zenana degişli bolmaly.


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......