Horror žanryndaky “Ümsüm ýer” filminiň esasynda oýun çykarylar

  • 21.06.2024 10:34
  • 4.2k+

Saber Interactive kompaniýasy bilen Stormind Games studiýasy “Ümsüm ýer” («Тихое место») horror-filminiň esasynda A Quiet Place: The Road Ahead oýnuny hödürledi. Anons edilen treýler YouTube-da ýerleşdirildi.

Oýnuň sýužeti ses-üýn ýok dünýäde diri galmaga çalyşýan ýaş zenan barada gürrüň berýär – islendik ses nägehanlaryň ünsüni özüne çekip biler.

“Düşbülikden we el ýüzündäki gurallardan başga hiç zat bolmazdan, siz öňde garaşýan köp sanly dürli kynçylyklardan we bökdençliklerden geçmeli bolarsyňyz we şol bir wagtyň özünde näbelli duşmanlar tarapyndan hemişe abanýan howplaryň astynda diri galmaga çalyşarsyňyz” – diýlip, gysgaça beýanda aýdylýar.

Taýtl filmleriň spin-offy bolar. Häzirki wagtda Jon Krasinski franşizanyň üçünji filminiň üstünde işleýär, onuň çykyşy geljek ýyla meýilleşdirilýär.
Oýnuň relizi 2024-nji ýylda PS5, Xbox Series S/X konsollarynda we PK-da bolar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....