Hytaý dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasyny işe girizdi

  • 20.06.2024 14:24
  • 14k+

Hytaýda 3,5 GWt kuwwatly, dünýäde iň uly Midong Gün elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Sinszýanyň demirgazyk-günbatarynda, Urumçiniň golaýynda ýerleşýän bu toplum 133,5 inedördül kilometr meýdany tutýar we 5,26 milliondan gowrak monokristally ikitaraplaýyn Gün panellerini öz içine alýar.

Taslama döwlet eýeçiligindäki China Green Electricity Investment of Tianjin kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Oňa 15,45 milliard ýuandan gowrak (2,13 milliard dollar töweregi ) maýa goýuldy.
Elektrik stansiýasy ýylda 6,09 milliard kWtç elektrik öndürmäge ukyply, bu 9 million ilatly Papuanyň - Täze Gwineýanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir diýip, Reuters habar berýär. Şeýle hem, bu mukdar bir ýylda 2 million elektrik ulagyny işletmäge ýeterlikdir.
Midong 455 GWt kuwwatly ýel-Gün toplumyny döretmek boýunça uly göwrümli taslamanyň bir bölegine öwrüldi. Taslama Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli iň ýokary uglerod zyňyndylaryny we 2060-njy ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidir.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......