Serhio Ramos "Sewilýany" terk etdi. Ol MLS-e geçip biler

  • 19.06.2024 17:27
  • 8.8k+

Dünýä çempiony, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek Ýewropa çempiony futbolçy Serhio Ramos ispan "Sewilýasyny" terk etdi. Bu barada klubuň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berilýär.

Ramos 38 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda erkin agent hökmünde "Sewilýa" gaýdyp gelip, birýyllyk şertnama baglaşdy. Öň KHBS goragçynyň karýerasyny Demirgazyk Amerikanyň MLS ligasynda dowam etdirip biljekdigini habar berdi.
"Sewilýa" Serhio Ramosa wepalylygy, liderlik häsiýetleri we yhlasy üçin minnetdarlyk bildirmek we mundan beýläkki karýerasynda üstünlik arzuw etmek isleýär" - diýlip, klubuň habarynda aýdylýar.
Ramos "Sewilýada" 2005-nji ýyla çenli çykyş etdi, soň Madridiň "Realyna" geçdi. Patyşalyk klubunyň düzüminde bäş gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi, dört gezek Çempionlar ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatynyň we Ispaniýanyň Super kubogynyň ýeňijisidir. Ol üç gezek UEFA-nyň Super kubogyny gazandy. 2021-2023-nji ýyllarda "PSŽ-de" çykyş edip, iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy we Fransiýanyň Super kubogyny aldy.


şu gün 13:51
4.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......