Arzuwyny hasyl etmek üçin 50 ýyl: ABŞ-nyň ýaşaýjysy özbaşdak gala galdyrypdyr

  • 18.06.2024 15:41
  • 19k+

Koloradodaky kiçeňräk Raý şäherçesinde ýaşaýan Jim Bişop 50 ýyl mundan öň başlan galasynyň gurluşygyny tamamlady. Daşdan we reňklenen aýnadan gurlan adaty bolmadyk desga ýerli ýadygärlige öwrüldi we ýüzlerçe adamyň ünsüni özüne çekýär.

Bişop iňlis dili mugallymynyň özi babatda ýalňyşýandygyny subut etmek üçin 1972-nji ýylda gala gurup başlady. Mekdep ýyllarynda mugallymy Jime "durmuşda bitiren goşunyň bolmajakdygyny" aýdypdyr, bu bolsa ýigide örän ýokuş  degipdir. Jim 15 ýaşynda mekdebi taşlap, şol ýyl 2,5 akr (1 ga) ýeri 450 dollara satyn aldy. Ol gazet paýlamak, gök haýatlary gyrkmak we kakasy Willard bilen maşgalanyň bezeg demir zawodynda işlemek arkaly pul gazandy.
Galanyň gurluşygy tutuşlygyna Jimiň hasabyna amala aşyryldy. Ilkibadalar oňa  kakasy bilen atasy kömek edipdir. Köp adamyň kömeklerini teklip edendiklerine garamazdan, olaryň hiç biri-de gurluşyk işine gatnaşmady. Bişop muny özüniň garaşsyzdygy we öz ajaýyp galasyny özbaşdak döretmek isländigi bilen düşündirdi.


50 ýyllyk gurluşyk işiniň dowamynda Jim öz galasyna diňe bir zähmetini we wagtyny sarp etmek bilen çäklenmän, eýsem kalbyny bagyş etdi. Ol her daşy ortaça 6 gezek özbaşdak gaýtadan işledi. Gurluşygyň gidişinde dürli hili, käte birden döreýän  pikirlerini durmuşa geçirdi.
Netijede, ilkinji göreniňden ünsüňi özüne çekýän nyşanlardan we taryhlardan doly özboluşly ymarat peýda boldy. Gurluşygyň ahyrynda Jim galany nädip gurandygy barada 47 sahypalyk kitap çykardy.
Bu günki gün Jim Bişopyň galasy – bu diňe bir gözel ýer däl. Ony toý dabaralaryny geçirmek üçin öňünden bronlamak mümkin (bahasy bary-ýogy 500 dollar), şeýle hem onuň ýanaşyk çäginde ýerleşýän sowgatlyk harytlar dükanyna baryp bolýar.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 19:36
3.7k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......