Samsung Galaxy S24 FE-niň renderleri görkezildi

  • 17.06.2024 18:32
  • 9k+

Köpleriň garaşýan Samsung Galaxy S24 FE smartfonynyň, insaýder Stiw Hemmerstoffer (OnLeaks) tarapyndan döredilen ýokary hilli renderleri sosial mediada peýda boldy diýip, IXBT habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Galaxy S24 FE 6,65 dýuýmly ekran we 162 x 77,3 x 8 mm göwrümli korpus alar. Smartfon 12 GB operatiw we 256 GB içerki ýat bilen üpjün ediler. Prosessorynyň Exynos 2400 bolmagyna garaşylýar, ýöne käbir bazarlarda onuň Snapdragon 8 Gen 3 çipsetli görnüşi elýeterli bolup biler.
Renderlerde Galaxy S24 FE ýaşyl reňkde görkezilýär.
OnLeaks smartfonlaryň ygtybarly renderlerini döretmekde uly tejribä eýedir. Olaryň arasynda Samsung Galaxy S21, Huawei Mate 40, Pixel 5, Sony Xperia XZ4, Google Pixel 4 XL we beýlekiler bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...