Türkiýede täze Mercedes E-Class çykdy. Motory 1,5 l

  • 17.06.2024 18:17
  • 13k+

Mersedes Türkiýede 1,5 litrlik hereketlendirili täze E-Class-y hödürledi diýip, Motor1 habar berýär.

 

Türkiýede awtoulaglara goýulýan salgyt gaty ýokary, şonuň üçin käbir brendler pes salgyt kategoriýalaryna düşmek üçin has uly modellerine kiçi hereketlendijileri oturtmaga mejbur bolýarlar.
Türkiýede ýörite sarp ediş salgydy (OTV) hereketlendirijiniň göwrümi 2,0 litrden ýokary bolsa, awtoulagyň başlangyç bahasynyň 220%-ine ýetip biler. Hereketlendirijisiniň göwrümi 1,6 litrden kiçi bolan täze awtoulaglar üçin OTV, bahasy 5600 dollardan geçmese, awtoulagyň bahasynyň 45% -inden başlaýar. Salgydyň stawkasy ulagyň esasy bahasyna görä kem-kemden ýokarlanýar we bahasy 8500 dollardan geçýän awtoulaglar üçin 80% -e ýetýär. Awtoulaglaryň köpüsi soňky kategoriýa girýändigi sebäpli, alyjylaryň hemmesi diýen ýaly öndürijiniň soraýan bahasynyň goşmaça 80% -ini çykarmaly bolýarlar.

 

Täze E-Class sedanyň başlangyç bahasy 63,400 dollar, ýöne OTV we goşulan baha üçin salgydy goşandan soň, bahasy 137 000 dollara çenli ýokarlanýar.
Hereketlendirijisiniň pesdigine garamazdan, ýumşak gibrid E-Class 168 at güýjüni öndürýär we 8,9 sekuntda sagatda 100 km tizlige çykýar. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 225 km.

 


03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......