Tebigat tehnikadan üstün çykdy. AI-suratlaryň bäsleşiginde hakyky surat 3-nji orny eýeledi

  • 16.06.2024 11:37
  • 18k+

Fotograf Maýlz Astreý 1839 Color Photography Awards bäsleşiginde neýroulgamlar tarapyndan döredilen suratlar boýunça kategoriýa hakyky fotosuraty ugradandygy üçin bäsleşikden çykaryldy diýip, Hi-tech Mail.ru habar berýär.

Astreý bäsleşige kellesini ganatynyň astynda gizlän flamingonyň suratyny iberipdir. Görlüp oturylsa, bu hakyky surat eken.
1839 Color Photography Awards bäsleşigi “Haýwanlar”, “Natýurmort”, “Peýzaž”, “Binagärlik” we ş.m. kategoriýalary öz içine alýan dürli nominasiýalardan ybarat. Şeýle-de bolsa, Maýlz Astreý töwekgelçilik edip, AI-suratlar kategoriýasynda öz suratyna nähili baha beriljekdigini bilmek isläpdir.
Bäsleşigiň Nýu-Ýork Taýms-yň, Getty Images-iň we Phaidon Press-iň wekillerinden ybarat eminleri galplygy anyklap bilmediler we surat 3-nji ýeri, şeýle hem “Halkyň saýlany” baýragyny aldy.
Aldawyň üsti açylandan soň, bäsleşigiň guramaçylary Astreýi baýrakdan we orundan mahrum etdiler, oňa suratynyň “güýçli çykandygyna” ýokary baha berýändiklerine garamazdan, ýaryşyň şertlerini bozup bolmajakdygyny düşündirdiler.
Astreýiň özi “tebigatyň entegem enjamy ýeňip biljekdigini” we janly suratçynyň henizem gymmatlydygyny görkezmek isländigini boýun aldy. Ol AI tarapyndan döredilen suratlaryň ýaryşlarda agdyklyk edip başlandygyna gaharlanyp, AI-suratlar bäsleşigine hakyky surat ibermek bilen “taryhy üýtgetmek” kararyna gelipdir.
Surat ýaryşyň web sahypasyndan aýryldy we baýrak başga bir gatnaşyja geçdi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...