Çimaýew hassahana ýerleşdirildi. Ol Saud Arabystanyndaky söweşi sypdyrar

  • 14.06.2024 16:33
  • 30k+

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt Hamzat Çimaýewiň 22-nji iýunda geçiriljek ýaryşda awstraliýaly Robert Uittaker bilen söweşden aýrylýandygyny aýtdy. Munuň sebäbi söweşijiniň kesel sebäpli hassahana ýerleşdirilmegi boldy diýip, “Çempionat” portaly ýazýar.

“Gynansak-da, Hamzat Çimaýew Saud Arabystanynda indiki dynç günleri geçiriljek söweşden aýrylýar, ol syrkaw, şonuň üçin öýüne dolanýar, tiz wagtdan gutular diýip umyt edýärin” – diýip, Uaýt aýtdy.

Çimaýewiň deregine Uittaker bilen söweşe russiýaly Ikram Aliskerow çykar.
Ýatlap geçsek, Çimaýew garyşyk başa-baş söweşlerde 13 söweşde 13 ýeňiş gazandy, olardan altysyny möhletinden ir tamamlady. Geçen ýylyň oktýabr aýynda UFC 294-de geçen soňky söweşinde türgen Kamaru Usman bilen duşuşdy we ony emin agzalarynyň karary bilen ýeňdi. 


düýn 12:42
6.9k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

07.06.2026 20:02
6.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......