«Ýewro-2024-üň» geçýän döwründe Germaniýadaky stadionlaryň atlary üýtgedildi

  • 14.06.2024 16:24
  • 9.6k+

Fransiýanyň «RMC» web-sahypasy penşenbe güni «Uefa Euro 2024» futbol ýaryşy başlamazdan ozal nemes stadionlarynyň birnäçesiniň atlarynyň üýtgedilendigini habar berdi. Bu stadionlarda şu gün, 14-nji iýunda badalga beriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty geçiriler. Stadionyň adynyň üýtgedilmegi UEFA üçin adaty ýagdaýdyr. Gurama ýaryşlary geçiren wagty howandarlyk atlaryny aýryp, oňa derek bitarap atlary dakýar.

Çempionatyň esasy oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan on stadionyň sekiz sanysynyň ady üýtgeşmä sezewar boldy. Diňe iki sany stadion öňki atlaryny saklap galdylar. Germaniýa bilen Şotlandiýanyň arasynda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň açylyş oýny «Allianz Arena»-nyň ady mundan beýläk «Mýunhen futbol stadiony» («Mýünhen Fussbal Arena») diýlip üýtgedildi.
Ýewropa Futbol Assosiasiýasynyň (UEFA) talaplaryna laýyklykda, Ýewropa çempionatynyň gyzykly oýunlaryny teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylara ýetirjek resmi ýaýlym guramalary hem stadionlarynyň tassyklanan täze atlaryny tutmaga borçludyrlar.

Ýewropa çempionatynyň oýunlary geçiriljek stadionlaryň öňki we täze atlary:

  1. Signal Iduna Park, Dortmund şäheri, «Borussiýa» futbol toparynyň meýdançasy, çempionat döwründe —  BVB Stadion Dortmund («BWB Ştadion Dortmund») diýlip atlandyrylar.
  2. RheinEnergieSTADION («Reýn-Energi-Ştadion»), Köln şäheri, «Köln» futbol toparynyň stadiony — çempionat döwründe Köln Stadion («Köln Ştadion») diýlip atlandyrylar.
  3. Merkur Spiel-Arena («Merkur-Şpil Arena »), Düsseldorf şäheri, «Fortuna» futbol toparynyň meýdançasy, çempionat döwründe —  Düsseldorf Arena diýlip atlandyrylar.
  4. Veltins-Arena («Feltins-Arena»), Gelzenkirhen şäheri, «Şalke 04» futbol toparynyň meýdançasy — çempionat döwründe  Arena AufSchalke («Arena AufŞalke») diýlip atlandyrylar.
  5. Red Bull Arena, Leýpsig şäheri, RB Leipzig futbol klubynyň meýdançasy — çempionat döwründe «Leýpsig Stadion» (Leýpsig Ştadion) diýlip atlandyrylar.
  6. Allianz Arena («Alýans Arena»), Mýünhen şäheri, «Bawariýa» futbol toparynyň meýdnçasy — çempionat döwründe «München Fußball Arena» («Mýünhen Fussbal Arena») diýlip atlandyrylar.
  7. Deutsche Bank Park («Doýçe Bank Park), Maýn boýundaky Frankfurt şäheri, «Aýntraht» futbol klubynyň meýdançasy — çempionat döwründe «Frankfurt Arena» diýlip atlandyrylar.
  8. MHPArena («МHP-Arena»), Ştutgart şäheri, «Ştutgart» futbol toparynyň meýdançasy, çempionat döwründe — Stutgart Arena («Ştutgart Arena») diýlip atlandyrylar.
  9. Olympiastadion («Olimpiştadion», Olimpiýa stadiony), Berlin şäheri, «Gerta» futbol toparynyň meýdançasy — bu stadionyň ady üýtgewsizligine galýar.
  10. Volksparkstadion («Folksparkştadion»), Gamburg şäheri, «Gamburg» futbol toparynyň meýdançasy — bu stadionyň ady hem  üýtgewsizligine galýar.

düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......