Ispaniýaly tennisçiler Nadal we Alkaras Parižde geçiriljek Olimpiadada çykyş eder

  • 15.06.2024 12:59
  • 2.7k+

Ispaniýaly tennisçiler Rafael Nadal we Karlos Alkaras Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar. Bu barada Ispaniýanyň Tennis federasiýasy habar berdi. Türgenleriň ikisi-de hem ýekelikde, hem jübüt bolup çykyş ederler.

KHBS Nadalyň Olimpiada düýpli taýýarlyk görmek üçin 2024-nji ýylyň “Wimbledon” ýaryşyny sypdyrmak kararyna gelendigini habar berýärler. Oýunlar 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler, “Wimbledon” bolsa 1 – 14-nji iýulda geçer.
38 ýaşly Nadal iki gezek Olimpiýa çempionydyr. Ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýekelikde altyn medal gazandy, soňra Mark Lopes bilen bilelikde Rio-de-Žaneýroda geçirilen 2016-njy ýylyň Olimpiadasynda ýeňiji boldy.
20 ýaşly Alkaras ýakynda “Rolan Garrosyň” ýeňijisi boldy. Ol Pariždäki Oýunlarda “Uly Tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi Nadal bilen jübüt bolup çykyş etmek isländigini, ýöne ondan bu barada soramaga çekinendigini gürrüň berdi.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......