IKEA onlaýn oýun platformasynda işlejeklere hakyky pul tölär

  • 14.06.2024 14:55
  • 5.4k+

Şwesiýanyň IKEA mebel kompaniýasy Roblox metaälemin-de ilkinji wirtual dükan bolan The Co-Worker Game-iň işe girizilendigini habar berdi. Dükan 2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda hemmeler üçin gapylaryny açar.

IKEA wirtual dükanda işlemek üçin işgär gözleýär. Boş ýerler 3-nji iýundan 16-njy iýuna çenli açykdyr. Satyjy, maslahatçy, ýükçi we aşpez ýaly jemi 10 iş orun bar.
Wirtual IKEA-daky boş iş orunlaryna diňe Angliýanyň we Irlandiýanyň kämillik ýaşyna ýeten ýaşaýjylary ýüz tutup bilerler. Arzany ýörite sahypada goýup bolar.
Saýlanyp alnan dalaşgärlere dükanyň dürli bölümlerinden iş teklip edilýär. Olar beýleki ulanyjylara wirtual mebel saýlamaga kömek etmeli ýa-da firma frikadelkalaryny äbermeli. Iş tertibi çeýe, aýlyk - sagadyna 14,80 ýewro (8 sagatlyk çalşyk üçin 118 ýewrodan gowrak).

“Roblox-da tölegli iş hödürleýän ilkinji brend bolanymyza begenýäris. IKEA-da kesgitli karýera ýoly ýok. Işgärlerimiz orunlaryny çalşyp, bölümlerini üýtgedip, oýunda-da, hakyky dünýäde-de islendik ugurda ösüp bilerler "- diýip, IKEA-nyň ýurtlar we medeniýetler boýunça dolandyryjysy Darren Teýlor gürrüň berýär.

Roblox - bu 2006-njy ýylda goýberilen oýun we metaälem. Taslama häzirki wagtda PK-da, PS4-de, PS5-de, Xbox One-da, iOS-da we Android-de elýeterlidir. Her gün platformada 77 milliondan gowrak adam oýun oýnaýar, olaryň takmynan 60% -i 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekler.


26.07.2025 16:51
5.2k+

Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär...

09.06.2025 19:30
7.1k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...

19.04.2025 18:01
4.7k+

Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi

Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar...