Şu gün “Ýewro – 2024” başlaýar. Ýarygije Germaniýa-Şotlandiýa duşuşar

  • 14.06.2024 13:55
  • 8.7k+

Şenbe gününe geçilýän gije Germaniýada 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlaýar. Mýunhendäki “Alýans-Arenada” geçiriljek açylyş oýnunda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Jürlewük sesi ýarygije – Aşgabat wagty bilen 00:00-da ýaňlanar.

Duşuşyga Kleman Týurpeniň ýolbaşçylygyndaky fransiýaly eminler topary eminlik eder.
Ikinji oýun güni üç duşuşyk meýilleşdirilýär. Wengriýa we Şweýsariýa 18:00-da, Ispaniýa we Horwatiýa 21:00-da oýna başlar. 00:00-da bolsa Italiýa we Albaniýa duşuşar.
24 milli ýygyndy her bir dört topardan ybarat alty toparça bölündi. Toparlaýyn tapgyrda toparlar öz kwartetlerinde bir aýlawly ýaryş geçirerler. 1/8 finala toparçanyň iň gowy iki topary, şeýle-de öz kwartetlerinde üçünji orunlary eýelän toparlardan iň gowy dört topar çykar.
Pleý-off oýunlary 29-njy iýunda başlar. Final duşuşygy 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Türkmenistanda futbol muşdaklary “Ýewro-2024” oýunlaryny Матч ТВ we TRT 1 kanallarynda göni ýaýlymda görüp bilerler.


düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......