Paddington Peruwa ugraýar: “Paddingtonyň başdangeçirmeleri 3” filminiň treýleri çykdy

  • 14.06.2024 12:33
  • 3.3k+

Internet torunda “Paddington Peruwda” filminiň treýleri çykdy. Gürleýän aýyjyk baradaky filmiň üçünji bölümi 8-nji noýabrda prokata çykar.

Anons edilen maşgala komediýasynda aýyjyk Paddington Amazoniýada garry aýylar üçin öýde ýaşaýan daýzasy Lýusini görmek üçin özüni penalan Braunlar maşgalasy bilen bilelikde Peruwa ugraýar. Garaşylmadyk wakalardan doly gezelenç Paddington we Braunlar üçin hakyky başdangeçirmelere öwrülýär.
Filmiň režissýory özüniň mahabat işleri we klipleri bilen belli bolan Dugal Wilson boldy. Aktýorlar düzümine Ben Wişou, Hýu Bonnewill we Jim Brodbent dolanyp geldi, olara Emili Mortimer, Oliwiýa Kolman we Antonio Banderas hem goşuldy. Mortimer hanym Braunyň keşbinde ilkinji iki filmde oýnan Salli Hokinsi çalyşdy.
Ilkinji iki filmiň režissýory Pol King bu gezek prodýuser hökmünde çykyş etdi.
Belläp geçsek, Paddingtonyň wakalary çagalar edebiýatynyň klassyky eserleri hasaplanýan iňlis ýazyjysy Maýkl Bonduň kitaplaryna esaslanýar.
2014-nji we 2017-nji ýyllarda çykan Paddington baradaky ilkinji iki film dünýä prokatynda 500 million dollardan gowrak girdeji ýygnady.


şu gün 11:31
658

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
13k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....