Redmi K70 Ultra çykmaga taýýarlanýar. Onuň global wersiýasy Xiaomi 14T Pro diýlip atlandyryldy

  • 13.06.2024 15:22
  • 9.2k+

Redmi K80 seriýasynyň bildiriş edilmeginiň öňüsyrasynda Xiaomi kompaniýasy ýene bir smartfony - Redmi K70 Ultra-ny çykarmaga taýynlanýar. Täze önüm 2407FRK8EC model belgisi bilen GSMA IMEI maglumatlar bazasynda göze ildi diýip, Gizmoçina ýazýar.

Belginiň soňundaky “C” harpyndan çen tutsaň, smartfon, öňküsi ýaly, diňe Hytaý bazary üçin niýetlenen bolsa gerek.
Redmi K70 Ultra-nyň dünýä bazarynda täzelenen Xiaomi 14T Pro hökmünde hödürlenmegine garaşylýar.
Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, telefon MediaTek Dimensity 9300+ çipseti, 5500 mAh sygymly akkumulýator, 120W simli çalt zarýad bermek üçin goldaw, 24 GB-a çenli LPDDR5X RAM we 1 TB-a çenli UFS 4.0 fleş ýady bilen üpjün ediler.
Redmi K70 Ultra-da 1,5K OLED ekrany we IP68 goragy bolup biler.
Smartfonyň 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda çykmagyna garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...