Ronaldu ýokary derejede geçiren oýunlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 13.06.2024 14:27
  • 11k+

Kriştianu Ronaldu ýokary derejede geçiren oýunlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň Irlandiýa garşy ýoldaşlyk oýnunda meýdança çykyp, bu görkezijini 1226 oýna ýetirdi.

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasynyň (IFFHS) metbugat gullugy Ronaldunyň bu görkeziji boýunça Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we “San-Paulunyň” öňki derwezebany Rožerio Seniden öňe geçendigini belledi. Onuň hasabynda 1225 oýun bar.
Ronaldu karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň, Angliýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň we Saud Arabystanynyň çempionatlarynda 698 oýna gatnaşdy. Ýene 101 oýny bu ýurtlaryň kubok ýaryşlarynda we super kubok üçin oýunlarda geçirdi. Şeýle-de, hüjümçi halkara klub ýaryşlarynda 220 oýna we Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin 207 oýna gatnaşdy.
39 ýaşly Ronaldu “Altyn topuň” bäş gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisidir. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy bombardir hasaplanýar. Ronaldu karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň “Realy”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedi”, Italiýanyň “Ýuwentusy” we Portugaliýanyň “Sportingi” üçin oýnady, häzir bolsa saud “Al-Nasrynyň” oýunçysydyr.


düýn 23:43
5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......