Elwis Presli gologramma görnüşinde sahna dolanyp biler

  • 12.06.2024 15:44
  • 4.8k+

ABBA-nyň gologrammalarynyň konsert syýahaty bilen belli bolan Şwesiýanyň Pophouse kompaniýasy Elwis Presliniň sanly awataryny syýahata ibermegi meýilleşdirýär.

Financial Times-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa Sony Music we Authentic Brand Group bilen janly konsertler üçin “rok-n-roll şasynyň” obrazyny we döredijiligini ulanmaga mümkinçilik berjek hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýär.
Häzirlikçe şertnamanyň baglaşyljakdygy anyk däl, ýöne üstünlikli bolan ýagdaýynda Pophouse gologrammalaryň kömegi bilen meşhur aýdymçylary “janlandyrmagy” dowam etdirer.
Elwis Presliniň awatary bilen guraljak konsert syýahatynyň meşhur sazandanyň tutuş dünýädäki muşdaklarynyň ünsüni çekjek uly waka bolmagyna garaşylýar.

25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......