Sequoia: Mac kompýuterleri üçin operasion sistemanyň täzelenmesi hödürlendi

  • 12.06.2024 15:03
  • 1.4k+

10-njy iýunda Apple kompaniýasy Mac kompýuterleri üçin operasion sistemanyň täze wersiýasyny – macOS 15 Sequoia-ny hödürledi. Täzelenme WWDC 2024 konferensiýasynda anons edildi.

Esasy täzelik iPhone-yň ekranyny Mac-da dublirlemäge mümkinçilik berýän iPhone Mirroring funksiýasy boldy. Ulanyjylar öz smartfonlaryny kompýuterden dolandyryp, faýllary bir ýerden başga ýere geçirip we habarlary kabul edip bilerler. Funksiýanyň işlemegi üçin iki gurluşyň-da bir Wi-Fi toruna birikdirilmegi we iPhone-yň “Garaşma” režiminde kompýuteriň ýanynda zarýad berijide durmagy hökmandyr.
Şeýle-de, macOS 15 Sequoia-da ähli gurluşlardan, şol sanda Windows-PK-dan paroly saklaýan “Parollar” programmasy peýda boldy.
Gurnalan Safari brauzeri emeli aňa esaslanýan birnäçe funksiýalara eýe boldy. Indi brauzer sahypalaryň gysgaça beýanyny döredip, makalanyň esasy mazmunyny ýüze çykaryp, teksti abzaslara bölüp we media-mazmun barada maglumat ýygnap bilýär.
Beýleki täzelikleriň arasynda şular bar: wideo-jaň wagtynda yzky fonuň üýtgemegi, Apple Intelligence emeli aň funksiýalary, programmalar penjiresiniň belli bir burçda berkidilmegi.

macOS 15 Sequoia-ny goldaýar:

  • iMac (2019 we has täze)
  • Mac Studio (2022)
  • iMac Pro (2017 we has täze)
  • MacBook Air (2020 we has täze)
  • MacBook Pro (2018 we has täze)
  • Mac Pro (2019 we has täze)
  • Mac Studio (2022 we has täze)
  • Mac mini (2018 we has täze)

macOS 15 Sequoia täzelenmesi macOS 14 Sonoma-ny (2023-nji ýyl) goldan ähli Mac we MacBook bilen gabat gelýär. Beta-wersiýa ýüklemek üçin eýýäm elýeterlidir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...