ABŞ-nyň ýaşaýjysy suw astynda ýüzüp ýörkä mastodonyň ýaşy 10 million ýyl bolan gyýagyny tapdy

  • 12.06.2024 14:18
  • 25k+

Florida ştatynyň Tampa şäheriniň 29 ýaşly ýaşaýjysy Aleks Lundberg suw astynda ýüzüp ýörkä mastodonyň ýaşy 10 million ýyl diýlip çak edilýän gyýagyny tapdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, agramy 27 kg bolan äpet bölek, takmynan, 7,6 m çuňlukda ýatan eken.

Bişopyň Ylym we tebigat muzeýiniň bilermeniniň sözlerine görä, bu tapyndy "diýseň seýrek" hasaplanýar, sebäbi bu sebitden, adatça, diňe taryhdan öňki akulanyň dişleriniň we mamontyň gyýaklarynyň bölekleri tapylýardy.
Lundberg ekspertiza onuň ylmy ähmiýetini kesgitlär ýaly, tapyndy barada Floridadaky Tebigatyň taryhy muzeýine habar bermeli bolar.
Gyýak böleginiň uzynlygy 1,2 m.
Mastodonlar - 30-20 million ýyl ozal ýaşap geçen mähnet haýwanlaryň ýok bolup giden görnüşi. Bu görnüşiň soňky wekilleri 11 müň ýyl ozal Demirgazyk Amerikada ýitip ýok bolup gidipdir. Mastodonlaryň galyndylary, adatça, Pliosen we Pleýstosen döwründäki çökündilerden tapylýar.
Häzirki wagtda Lundberg taryhy ýadygärligi öz öýünde saklaýar. Ol ýerli teleýaýlyma: "Ony ýatalgamyň gapdalynda, Roždestwo çyralarynyň  gutusynda saklaýaryn" – diýip gürrüň berdi.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......